Şu günler “Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlygyň çäginde, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilen baý mazmunly çäreler, düşündiriş işleri geçirilýär. Etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesi, etrap bilim bölümi, Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň guramalary tarapyndan orta mekdeplerdir çagalar baglarynda geçirilýän meýilnama boýunça işleri oňyn häsiýete eýe bolýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, pyýadalaryň we sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjelerini ýokarlandyrmak, maksady bilen geçirilýän çärelere bilim terbiýeçilik edaralary işjeň gatnaşýarlar. “Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygydyr” atly bir aýlygyň ýylyň-ýylyna geçirilmeginiň ähmiýeti uludyr. Onuň çäginde guralýan wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň netijeliligini gazanmakda edilýän tagallalar hem ýerine düşýär. Munuň şeýledigini şu günlerde, etrabyň 6-njy çagalar bagynda “Ýaşyl yşyk!” ady bilen ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek boýunça öwüt-ündewlerini wagyz-nesihat düşündiriş işlerini geçýärler. Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň kämil bilim almagy, sazlaşykly ösmegi, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Babadaýhan etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň buhgalteri Ogulbossan Sapardurdyýewa