Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşligindäki 320 orunlyk döwrebap çagalar bakja bagynyň açylyş dabarasy geçirildi. Mekdebe çenli häzirki zaman çagalar edarasynyň açylyş dabarasynda ruhubelent aýdym-sazlar we bagtyýar çagalaryň gülki sesleri belentden-belent ýaňlandy. Garaşsyzlygynyň Şanly 35 ýyllygynyň öňisyrasynda, Garaşsyzlyk geňeşliginiň ýaşaýjylary üçin täze binanyň açylyşy ajaýyp sowgat boldy. Täze çagalar bagynda oba çagalarynyň sazlaşykly terbiýelenmegi we ösüşi üçin ähli şertler döredildi. Bu ýerde körpeleriň amatlylygy, doly derejede dynç almagy we wagtlaryny gyzykly geçirmekleri, bilimlerini, döredijilik ukyplaryny we başarnyklaryny ösdürmek üçin ähli zatlar göz öňünde tutuldy. Toparlarda giň ýakylýan otaglardan başga hem düşünje alyş we oýun otaglar bar. Terbiýeçilik işlerinde körpeleriň bilim endiklerini ösdürmäge aýratyn üns berler. Häzirki zaman kompýuter we lingafon tehnikasy bilen üpjün edilen ajaýyp okuw synp otaglary olaryň ygtyýaryndadyr, çagalaryň döredijilik we bedenterbiýe ukyplaryny ösdürmek üçin aýdym-saz we sport zallary üpjün edilen. Şeýle hem oňat şertlerde aşhanaly naharhana, lukmançylyk nokady bar. Açylyş dabarasyna etrap häkimligi, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler gatnaşdylar, bilim işgärleri gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň maddy-hal ýagdaýyny we durmuş derejesini depginli ýokarlandyrmagy maksat edinen paýhasly hem-de uzakdan görüji syýasaty netijesinde türkmen topragynyň ähli künjeklerinde bolup geçýän uly möçberli özgertmeler üçin buýsanç duýgusyny başdan geçirýändiklerini nygtadylar. Şol özgertmelerde ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky hemmetaraplaýyn alada aýratyn orun degişlidir. Türkmenistanyň döwletimiziň şäherlerinde we obalarynda soňky ýyllarda gurlan häzirki zaman çagalar baglarynyň, umumy bilim berýän we sport mekdepleriniň ençeme ýüzlerçesi şol aladanyň ynandyryjy subutnamasy bolup durýar. Bu ýere ýygnanlar türkmen halkynyň eşreti, Watanymyzyň gülläp ösmegi, çekýän ägirt uly zähmeti üçin Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Ýaş nesilleriň bilimli, kämil terbiýeli, nesiller bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň
kätibi Aýsoltan Çarymyradowa