Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy diňe bir taryhy sene bolman, geljege bolan ynamy berkidýän, täze üstünliklere ruhlandyrýan we halkymyzy Garaşsyzlygyň hem parahatçylygyň tugunyň astynda jebisleşdirýän baýramdyr. Bu şanly sene mynasybetli dabaraly çäreler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki günlerde yzygiderli geçirilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda konsertler, sergiler hem-de sport ýaryşlary guralyp, halkymyzyň baý däplerini, ruhy gymmatlyklaryny, nesilleriň agzybirligini we täze sepgitlere ymtylmagyny beýan edýär.
Ýakynda Bäherden etrabynyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň Bilim bölümi bilen bilelikde “Garaşsyzlyk berdi bagty” ady bilen etrabyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde mugallymlaryň hem-de etrabyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
Baýramçylyk dabarasy çykyşlar bilen başlanyp, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşy hem-de Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi baradaky arzuw-niýetler beýan edildi. Çykyş edenler Garaşsyzlygyň halkymyzyň parahatçylykly, durnukly hem-de abadan durmuşynyň berk binýadydygyny aýratyn nygtadylar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bu dabaraly çäre halkymyzyň baý milli mirasyna, ruhy gymmatlyklaryna daýanyp, geljege ynamly ädimler bilen öňe barýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy. Bu günki döredijilik öýünde geçirilen aýdym-sazly, şatlyk-şowhuna beslenen çärede, ömrümiziň dowamatyny çagalaryň gülki sesinde, olaryň bagtyýar ýylgyryşynda görýärsiň. “Çagalar durmuşyň bahary“ diýen ajaýyp jümle diňe bir gowy söz bolman, eýsem her bir çaganyň ýaşaýşa bolan söýgüsini, arassa arzuwlaryny we ýurdumyzyň geljegini açyp görkezýän çuňňur manydyr. Bu günki döredijilik öýüne gatnaýan her bir çaganyň Watana,Gahryman Arkadagymyza wepaly, ruhubelent, bilimli, terbiýeli we sagdyn çagalar bolup ýetişmegi üçin ägirt uly döwletli işler durmuşa geçirilýär. Çaganyň dünýä inen pursatdaky ilkinji sesinden başlap, onuň kalbynda Watana söýgi, ene-ata sarpasy we durmuşa bolan ynam kemala gelýär. Çagalar - biziň mizemez ruhy güýjümiz, öýümiziň ýaraşygy. Olaryň her bir gününiň şatlyga beslenmegi, ähli isleg-arzuwlaryň amala aşmagy jemgyýetimiziň iň esasy aladalarynyň biridir - diýip çärä gatnaşan bilim işgärleri buýsanç bilen belläp geçdiler. Halkymyzyň gadymy asylly däplerine görä, çagalyk döwrüni abadan, arassa we parahat gurşawda geçirmek her bir çaganyň tebigy hakykylygydyr. Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu mukaddes ýörelge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Garaşsyz Diýarymyzda çagalar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň merkezinde durýar. Ýaş nesliň sagdyn, sowatly, giň dünýägaraýyşly we Watana sarpaly bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup ulanmaga berilýän iň häzirki zaman çagalar baglary we orta mekdepler çagalaryň ilkinji ädimlerinden başlap ösen tehnologiýalar, daşary ýurt dilleri we döwrebap bilim almaklary üçin giň ýol açýar. Çagalaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegi ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Häzirki zaman çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, ýurdumyzyň owadan künjeklerinde tomusky dynç alyş günlerini gyzykly we peýdaly geçirmegine doly mümkinçilik berýär.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan çagalar baradaky edilýän alada ör boýuna galýar. Çünki, ertirki günde ýurdumyzyň ykbalyny ynam bilen eline aljak bu günki çagalar - biziň parahatçylygymyzyň, ösüşimiziň we abadan durmuşymyzyň kepilidir. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz milli mirasymyza sarpa goýmak, asuda Watanda asuda ýaşap her bir çaganyň bagtyýar ýylgyryşy bilen ýurdumyzda ähli işleri ileri gidip, hemişe rowaçlyklara tarap öňe barýar. Geçirilen bu dabaraly çäräniň ahyrynda çärä gatnaşanlar türkmen halkynyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Goý, hemişe her bir öýde çagalaryň gülküsi ýatmasyn, olaryň şadyýan gülküsi her bir öýde ýaňlanyp dursun! Ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolup, her bir tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin. Gahryman Arkadagymyzy Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de ähli Türkmen halkymyzy Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý ýurdumyz parahat-asuda bolup toýlar-toýa ulaşsyn!
Bäherden etrap Ylym we bilim işgärleriniň
başlygy Şasoltan Durdyýewa