TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Garaşsyzlyk dillerimiziň dessany atly medeni dynç…
Garaşsyzlyk dillerimiziň dessany atly medeni dynç alyş konserti geçirildi
21.09.2026 Çäk birleşmeler

Garaşsyzlyk dillerimiziň dessany atly medeni dynç alyş konserti geçirildi

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy ýurdumyzyň çar künjeginde uly ruhubelentlik we zähmet üstünlikleri bilen garşylanýar. Garaşsyzlyk diýen mukaddes düşünje halkymyzyň asyrlar boýy kalbynda beslän iň belent arzuwlarynyň, milli guwanjynyň we bagtyýar geljeginiň nyşanydyr. Şanly baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzda dabaraly çäreleriň ençemesi guralýar. Änew şäheriniň gözel binalarynyň biri bolan “Bagt ýyldyzy” toý mekanynda şanly baýramçylyk mynasybetli täsirli medeni dynç alyş konserti geçirildi. “Garaşsyzlyk dillerimiziň dessany” diýlip atlandyrylan bu aýdym-sazly baýramçylyk çäresi Ak bugdaý etrap häkimligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda guraldy. Dabaranyň başynda çykyş edenler bütin türkmen halkyny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda eziz Watanymyzyň gazanýan uly üstünlikleri, medeniýet, sungat we zähmet äleminde ýetilýän belent sepgitler barada buýsanç bilen bellenilip geçildi. Medeni dynç alyş çäresiniň dowamynda etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň, zehinli aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ata Watanymyzy, Garaşsyzlygymyzy, parahat we bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy. Çykyş eden döredijilik toparlarynyň joşgunly tanslary we milli öwüşginli aýdymlary toý mekanyna ýygnanan çärä gatnaşyjylara, zähmet öňdebaryjylaryna we etrap ýaşlaryna ýatdan çykmajak pursatlary hem-de uly ruhy lezzeti bagyş etdi. “Garaşsyzlyk dillerimiziň dessany” atly baýramçylyk konserti diňe bir medeni dynç alyş çäresi bolman, eýsem halkymyzyň agzybirligini, Watana bolan söýgüsini we mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan belent hormatyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýän dabaraly waka öwrüldi. Dabara gatnaşyjylar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmegine uly üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň

tehniki gözegçisi Garýagdy Kakajykow

Degişli Habarlar