Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň her bir güni toýdur-baýramlara beslenýär. Ynha bu gün Änew şäheriniň Medeniýet öýüniň kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň gurnamagynda “Halk maslahaty-aýdyň, rowaçly ýola badalga” atly tegelek stol söhbetdeşligi geçirildi.
Her ýylda agzybirligiň, jebisligiň nyşany bolan Garaşsyzlygyň ösüş ýolundan gazanylan sepgitlerdir, öňde duran wezipelere ser salmakda möhüm ähmiýete eýe bolan Halk maslahaty ýokary derejede geçirildi. Döwletli maslahata gabatlap, dürli pudaklarda göreldeli zähmetiň belent nusgasyny görkezen, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna halal zähmet çeken ildeşlerimize sylag-serpaýlaryň ýapylmagy, hormatly atlaryň dakylmagy hem asylly däbe öwrüldi. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly, watansöýüji, döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşup bilýän kämil bilimli adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşi has-da belent derejelere eýe bolýar. Çärä gatnaşanlaryň ählisi şular ýaly asuda, parahat durmuşda ýaşatýan Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni
Laçyn Esenowa