TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Halk maslahatynyň geçirilmeginiň ähmiýeti hem-de …
09.09.2026 Çäk birleşmeler

Halk maslahatynyň geçirilmeginiň ähmiýeti hem-de Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

2026-njy “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda  Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň bellenýän günleriniň öňisyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň  başlyklyk etmeginde her ýylda  geçirilýän halkyň bähbidine  gönükdirilen  Halk maslahatynyň geçirilmegi  Türkmenistan  döwletimizde halk üçin edilýän aladanyň  çäksizdiginiň aýdyň şaýadydyr. Ýurdumyzyň ähli künjeginde maslahatlaşmak türkmeniň ýol-ýörelgesi diýen pähimden ugur alyp welaýatlarda, etraplarda, şäherlerde   jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň bellenýän günleriniň öňisyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň  başlyklyk etmeginde her ýylda  geçirilýän halkyň bähbidine  gönükdirilen  Halk maslahatynyň geçirilmeginiň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Ynha bu gün Änew şäheriniň Milli muzeýinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň gurnamagynda “Halk maslahatynyň geçirilmeginiň ähmiýeti hem-de Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň bellenilmegi” mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ösüşleriň batly gadamlary bilen öňe barýan dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň dünýä ýüzünde ýaň salýan eziz diýarymyz Türkmenistan döwletimizde türkmen halkymyza bolelin durmuşda buýsanyp ýaşamaga, okamaga, işlemäge giň mümkinçilikleri döredip, ösmäge giň ýol açyp berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny alyp barýan parasatly, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Ahal welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni

Laçyn Esenowa

Degişli Habarlar