Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz rowaçlyklaryň we uly üstünlikleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Sungat derejesine ýetirilen döwlet syýasatynyň esasynda bolsa, hemişe bolşy ýaly, “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelge durýar. Halkymyzyň parahat, bagtyýar we howpsuz durmuşda ýaşamagy ugrunda edilýän aladalar ýurdumyzyň çar künjünde geçirilýän çärelerde, wagyz-nesihat duşuşyklarynda öz beýanyny tapýar. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda işjeň hem-de durmuşy ähmiýeti uly bolan maslahat häsiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap birleşmesiniň guramagynda geçirilen bu çäre “Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy” diýlip atlandyryldy. Maslahata Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň başlygy Meýlismyrat Myradow başlyklyk etdi. Çärä ýörite çagyrylan myhmanlar hökmünde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Baýram Handurdyýew, tehniki gözegçisi Şamuhammet Annanyýazow hem-de utgaşdyryjysy Öwezmyrat Enermyradow gatnaşdylar. Şeýle hem ýygnakda Kaka etrap birleşmesiniň işgärleri, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlyklary we gaznaçylary işjeňlik görkezdiler. Gatnaşyjylaryň uly gyzyklanma bildiren bu çäresiniň gün tertibinde örän möhüm wezipeler seljerildi. Ilki bilen, Kärdeşler arkalaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, kabul edilen möhüm kanunçylyk resminamalaryndan gelip çykýan wezipeler dogrusynda giňişleýin aýdylyp geçildi. Zähmet çekýän raýatlaryň arasynda tehniki howpsuzlygy berkitmek we Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda iş resminamalaryny, iş nomenklaturalaryny dogry hem-de kämil ýöretmeklik barada anyk görkezmeler we maslahatlar berildi. Maslahatda çykyş eden welaýat we etrap wekilleri resminamalaryň döwrebap derejede ýöredilmeginiň işiň netijeliligini ýokarlandyrjakdygyny aýratyn bellediler. Maslahatda Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň mazmunyny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini ýerlerde giňden wagyz-nesihat etmek baradaky meselelere aýratyn üns berildi. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň we amala aşyrylýan özgertmeleriň her bir raýata ýetirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Ýygnagyň esasy mowzuklarynyň biri hem parahatçylygyň we rowaçlygyň dabaralanýan ýylynda, ýagny her ýylyň sentýabr aýynda däp bolşy ýaly geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümiziň rahatlygy” atly çäreleri guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek baradaky mesele boldy. Çykyş edenler ýollarda howpsuzlygy üpjün etmekligiň, sürüjileriň we pyýadalaryň özara medeniýetini ýokarlandyrmagyň adam ömrüni we saglygyny goramakda nähili uly orna eýedigini nygtadylar. Bu ugurda mekdep okuwçylarynyň, ýaşlaryň hem-de zähmet çekýän raýatlaryň arasynda düşündiriş işlerini yzygiderli alyp barmagyň möhümligi bellenildi. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçen bu wagyz-nesihat çäresi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy we öňde duran wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge täze itergi berdi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak, ýurdumyzyň howpsuzlygyny we parahatçylygyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Kaka etrap birleşmesiniň
esasy hünärmeni Leýli Aşyrowa