Ýakynda Tejen etrap Bilim bölüminiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň tassyklan iş meýilnamasy esasynda Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmakda kabul edilen möhüm kanunçylyk resminamalaryndan gelip çykýan wezipeler hem-de zähmeti goramak we sagdyn howpsuz iş şertlerini döretmek bilen bagly kanunçylyk namalaryny düşündirmek hem-de ýol hereketiniň kadalaryny we raýatlarymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen her ýyl däbe öwrülen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygynyň geçirilmegi maksady bilen okuw maslahaty geçirildi.
Maslahata Tejen etrabynyň edara-kärhanalarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, tehniki howpsyzlyk we zähmeti goramak baradaky gözegçileri hem-de etrap birleşmesiniň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Handurdyýew Baýram, tehniki gözegçisi Annanyýazow Şamuhammet, utgaşdyryjy Enermyradow Öwezmyrat dagylar çykyş etdiler.
Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde durýan wezipeleri we olaryň hukuk binýadyny pugtalandyrmakda kabul edilen möhüm kanunçylyk resminamalaryndan gelip çykýan wezipeler hakynda we zähmet çekýän raýatlaryň arasynda tehniki howpsuzlygyny berkitmek barada hem-de kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda iş resminamalarynyň ýöredilişi, kärhanada zähmet çekýän zähmetkeşleriň zähmetiniň, hukuklarynyň goralyşy, agzalyk şahadatnamalaryň tutulyşy hem-de “Köpçülikleýin şertnamalaryň” baglaşylyşy barada giňişleýin belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda her ýyl ýurdumyzda yglan edilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň geçirilmegi ýol-ulag hadysalarynyň, şikes almalaryň öňüniň alynmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýändigi hem-de ähli babatda il-halkyň rahatlygyny, saglygyny, bähbidini ileri tutýan Döwlet baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän, öz netijeliligini tassyklan biraýlygyň hem hut şoňa gönükdirilendigini buýsanç bilen belläp geçdiler. Okuw maslahatyň dowamynda kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, tehniki gözegçileri we işewürleri şu güne çenli ýerine ýetirilen işler barada özara pikir alyşdylar, Kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde durýan wezipelerini ýerine ýetirmek ugrunda alyp barýan işleri we Türkmenistanyň Zähmet hakyndaky kodeksini işläp geçmek maksady bilen zähmetkeşleriň arasynda zähmeti goramak, döwrüň talabyna laýyk iş we dynç alyş şertlerini döretmek barada pikir alyşdylar. Maslahatyň ahyrynda ösüşleriň ýoly bilen halkyny öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň
esasy hünärmeni Bägül Gurbanowa