Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni şanly wakalara toý baýramlara beslenýär. Ynha şu gün hem Tejen etrabynyň “Arzuw” toý mekanynda “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda giňden bellenilip geçirilýän Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýyna bagyşlanyp “Garaşsyzlyk- şöhratym sen, şanym sen” ady bilen Tejen etrabynyň häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň, Tejen etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabara Edara-kärhanalarda zähmet çekýän kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary, kümüş saçly enelerimiz gatnaşmaklarynda geçirilen bu ajaýyp dabara diýseň täsirli boldy. Baýramçylyk dabarasynda çykyş eden medeniýet bölüminiň aýdymçy-sazandalary, çagalar sungat mekdebiniň dutarçylar hem-de deprekçiler topary şeýle-de sahna wäşileri baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da belende göterdi. Ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlarda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwrümiziň, Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutumly başlangyçlarynyň waspy has-da belentden ýaňlandy. Turuwbaşdan uly şatlyk-şowhuna beslenen bu baýramçylyk dabara gelenleriň her birinde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar, türkmen halkyna şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren, hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini aýtdylar we gün-günden gülläp ösýän, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda, her bir günümiz toý-baýramlara beslenmegini, halkymyz hem ýurdumyz üçin beýik işleri alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, mertebesiniň elmydama belent bolmagyny arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň
esasy hünärmeni Amanowa Mähriban