TK |
|
/ Habarlar / Çäk birleşmeler / Türkmenistan Garaşsyzlyk şuglasyndan nur alýar
Türkmenistan Garaşsyzlyk şuglasyndan nur alýar
21.09.2026 Çäk birleşmeler

Türkmenistan Garaşsyzlyk şuglasyndan nur alýar

Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde asyrlara barabar öňegidişlikleri gazandy. Oba hojalygynda, nebit-gaz pudaklarynda, ylym-bilimde, lukmançylykda, senagatda üstünlikli sepgitlere ýetmek bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ýylsaýyn artýar. Garaşsyzlyk - bu bize berilen egsilmez bagtdyr, serpaýdyr. Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna şu ýyl 35 ýyl dolýar. Bu sene “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna şan beren wakalaryň biri hökmünde taryha ýazylar.     

Ýakynda, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly, at-myradyň mekany” ýylynda Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen, Altyn asyr, Sarahs etrap birleşmeleriniň bilelikde gurnamagynda Ahal welaýatynyň Änew medeniýet öýünde söhbetdeşlik geçirildi.

 Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler, Garaşsyzlyk türkmen topragynyň üstünden azatlyk şemalynyň hoştap öwüsmegidir. Aý-ýyllarymyzyň bagtyýarlyga, bolçulyga beslenmegidir. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň baýram edilmegi diňe bir geçmişe hormat goýmak däl, eýsem, halkyň döwlete, ösüşe, geljege bolan ynamynyň, ruhubelentliginiň we döredijilik ukybynyň dabaralanmasydyr. Garaşsyzlygyň şuglasyndan nur alýan bu ýol parlak geljegimiziň ýoludyr. Berkarar döwlet guran beýik milletiň mertebeliliginiň, şan-şöhratynyň ýoludyr 35 ýyl taryhy jähetden seredeniňde, uzak möhlet däl. Ýöne biziň ýurdumyzyň Garaşsyz döwlet hökmünde geçen menziline ser salanyňda, onuň asyrlara barabar beýik işlere beslenendigine göz ýetirmek  bolýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen belent sepgitler, gazanylan ýeňişlerdir üstünlikler ýurdumyzy tanalmaz derejede özgertdi diýip buýsanç bilen belläp geçdiler.     

         Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, Türkmen halkymyzy baky bagtyýarlykda, eşretli durmuşda ýaşadýan Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň

hünärmeni  Ogulbagt Aýnazarowa

Degişli Habarlar