Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda 2026-njy ýylyň pagta ýygymy möwsümi ýokary zähmet ruhy we uly guramaçylyk bilen dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen başlanan bu jogapkärli döwürde, etrabyň daýhanlary “ak altyn” harmanyny beýgeltmek ugrunda durnukly we yhlasly zähmet çekýärler. Ýygymyň ilkinji günlerinden başlap, meýdanlarda işleýän kärendeçileriň, kombaýnçylaryň we hasyly harmanhanalara daşaýan sürüjileriň arasynda zähmet bäsleşikleri yzygiderli guralýar. Kaka etrabynyň ak altyn ussatlary pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly we güýçli depginde alyp barýarlar. Şu günler etrabyň bereketli gowaça meýdanlarynda zähmet gyzgalaňly gurulsa, meýdan düşelgelerinde bolsa toý-baýram aýdym-sazlary ýaňlanýar. Pagtaçylaryň işini has-da höweslendirmek we olaryň arasynda bäsdeşlik ukybyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesi tarapyndan möwsümiň birinji ongünliginiň jemleri jemlendi. Geçirilen zähmet bäsleşiginiň netijesinde, ilkinji on gün içinde hasyly talabalaýyk we ýitgisiz ýygnamakda, şeýle hem ony harmanhanalara çalt daşamakda beýlekilere görelde bolan öňdebaryjylar kesgitlenildi. Ýüwrük elli kärendeçileriň, ak pagtany mehanizatorlyk ussatlygy bilen ýygýan kombaýnçylaryň we ak altyn kerweniniň sazlaşykly hereketini üpjün edýän ýük ulag sürüjileriniň gatnaşmagynda guralan dabarada etrap birleşmesiniň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Çykyşlarda ýurtda daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin döredilip berilýän döwrebap şertler, tehnikalar we döwlet goldawlary barada aýratyn bellenip geçildi hem-de oba hojalyk işgärlerine uly hemaýat-goldawlar berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi. Dabaranyň iň tolkunly pursadynda, 2026-njy ýylyň pagta ýygymynyň ilkinji ongünlüginde ýokary görkezijileri gazanan we tapawutlanan kärendeçilere, kombaýnçylara hem-de sürüjilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesi tarapyndan taýýarlanan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Sowgat alan oba zähmetkeşleri öz gezeginde çekýän päk zähmetine berilýän uly bahalar üçin çäksiz minnetdarlyklaryny bildirip, bellenen meýilnamany gysga wagtda üstünlikli berjaý etjekdiklerine hem-de Watan harmanyna öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazlary zähmet dabarasyna aýratyn şatlyk we ruhubelentlik paýlady.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Kaka etrap birleşmesiniň
esasy hünärmeni Leýli Aşyrowa